5-nji martda Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Braun Yrakdaky uruş bilen bagly diňlenşige gatnaşyp, hasabat berdi.
Gordon Braun Yrakdaky urşuň başlanmagyna özüniň ýetiren täsiri barada bu mesele bilen bagly ýörite döredilen komissiýanyň sowallaryna jogap berdi.
2003-nji ýylda Yrakdaky uruş başlananda Britaniýanyň Maliýe ministri hökmünde Gordon Braunyň urşa başlamak baradaky karara gelinmeginde möhüm rol oýnandygyny käbir şaýatlar aýdýarlar.
Bu diňlenşikde eden çykyşynda, Gordon Braun “Uruşa başlamak baradaky karara gelmeklik iň kyn kabul edilýän kararlaryň biridir. Men biziň şol döwür gowy niýetler bilen dogry karara gelendigimize ynanýaryn” diýdi.
Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Braun bu diňlenşige Britaniýada maý aýyna planlaşdyrylan parlament saýlawlaryndan soň gatnaşmalydy. Emma onuň syýasy garşydaşlary komissiýanyň öňünde tizden-tiz hasabat bermegini talap etdiler.
Yrak urşy başlanan döwri Britaniýanyň premýer-ministri bolan Toni Bleýer bu komissiýanyň öňünde ýanwar aýynda hasabat bilen çykyş etdi.

Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?