Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda NATO-nyň iki esgeri öldürildi


NATO-nyň ýaýradan beýanatynda günorta Owganystandaky NATO-owgan bazasynda janyndan geçen biriniň iki esgeri öldürip, başga birnäçesini ýaralandygy aýdylýar.

NATO bu hüjümiň Päkistanyň serhetine golaý Host welaýatyndaky bazada bolandygyny aýtdy. Bu baza halkara güýçleri hem owgan serhet goragçylary tarapyndan bilelikde ulanylýar.

NATO bu waka barada başga zat aýtmady, ýöne onuň derňelýändigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG