Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarkozi Dagly-Garabag gijikmelerini alada edýär


Fransuz prezidenti Nikolýa Sarkozi Ermenistan bilen Azerbeýjanyň Dagly-Garabag üstündäki dawalarynyň uzaga çekmeginden alada bildirdi.

Sarkoziniň edarasy onuň Parižde ermeni prezidenti Serž Sarkisýan bilen nahar başynda duşuşanda iki tarapy hem zerur bolan eglişiklere gelmäge çagyrandygyny aýtdy.

Prezidentleriň hiçisi öz duşuşyklary barada žurnalistlere zat aýtmady.

Dagly-Garabag 30 müň çemesi adamy öldüren alty ýyllyk konfliktden bäri ermeni güýçleriniň kontrollugynda.

Halkara araçylarynyň bu dawany çözmek synanyşyklary başa barmaýar.
XS
SM
MD
LG