Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussag edilen azeri blogçylarynyň şikaýaty ret edildi


Bakuwyň şikaýat sudy noýabrda azerbeýjanly blogçylar Adnan Hajizade bilen Eminn Millä berlen türme tussaglygyny öňki möhletinde galdyrmaly etdi.

Hajizadäniň aklawçysy Isahan Aşurow bu kararyň bikanundygyny aýtdy.

Bu iki adam internetde Azerbeýjandaky syýasy ýagdaý barada satiriki kommentariýalary ýerleşdirmek arkaly meşhur boldy. Olar geçen iýulda restoranda bolan uruş sebäpli tutuldy.

Olar özleriniň prowokasiýanyň pidasydygyny aýtdylar, emma polisiýa olary bozgaklykda hem adam bedenine ýeňil ýara salmakda aýyplady.

Halkara adam hukuklary guramalary we birnäçe Günbatar ýurdunyň syýasatçylary blogçylaryň tussag edilmegini ýazgaryp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG