Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Hindistanda atom reaktorlaryny gurar


Orsýet Hindistanda 16 sany atom reaktorynyň gurluşygy baradaky ylalaşyga gol çekdi.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň Hindistana edýan saparynyň barşynda bu barada ylalaşylandygyny Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Sergeý Iwanow aýtdy.

Wladimir Putin Hindistan bilen Orsýetiň söwda gatnaşyklaryny ýarag söwdasy bilen çäklendirmän, energiýa, bank pudagy, tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça hem giňeltmäge wagtyň gelendigini aýtdy.

Häzir Hindistan bilen Orsýetiň arasyndaky söwdä dolanşygynyň 8 milliard dollara barabardygyny belläp, Putin 2015 ýyla çenli bu sanyň 20 milliard dollara barabar bolmagyny gazanmalydygyny nygtady.

12-nji martda Orsýetiň premýer-ministri Hindistanyň premýer-ministri bilen duşuşyp, ýarag söwdasy, energiýa bilen bagly birnäçe milliard dollarlyk ylalaşyklara gol çekdi.

XS
SM
MD
LG