Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ählihalk ýowary geçirildi


13-nji martda Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasata öz goşantlaryny goşmak üçin ýurduň ýaşaýjylarynyň ýüz müňlerçesi ählihalk ýowar çäresine gatnaşdylar.

Esasan býujet edaralarynda zähmet çekýän adamlaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen agaç nahallaryny oturtmak çäresi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan başlap, welaýatlaryň ähli etraplarynda, şäherlerinde geçirildi.

Paýtagtda agaç nahallaryny oturtmak çäresine gatnaşanlar ýurduň awtotransport edarasy tarapyndan awtobuslar bilen üpjün edildiler. Awtobuslaryň esasy böleginiň ýowara gatnaşýanlara hyzmat edenligi sebäpli, 13-nji martda sagat günortan 12-ä çenli paýtagtyň ýowara gatnaşmadyk ýaşaýjylary duralgalarda öz münýän marşrutlaryna adatdakydan köp garaşmaly boldular.

Ählihalk ýowaryna gatnaşanlar öz edaralaryna degişli ýerlerde täze nahallary oturtdylar, ozal bar bolan agaçlary suwaryp, olaryň düýplerini ýumşatdylar, olaryň daş-töweregini hapa-haşal otlardan arassaladylar.

Ählihalk ýowary tamamlanansoň, bu dabara mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň baş saglygyna hem-de ýurduň abadançylygy üçin ähli ýerde sadakalar berildi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG