Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi


12-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň barşynda “Gümrük gullugy”, “Medeniýet” “Aragatnaşyk” hakyndaky kanunlaryň proýektlerine garalandygy habar berilýär.

Şeýle hem “Uglewodorod serişdeleri hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada", "Salgytlar hakyndaky Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada" Türkmenistanyň kanuny proýektlerine garalandygy barada Türkmenistanyň döwlet metbugatynda maglumat berildi.

Mejlisiň maslahatyna gatnaşan deputatlaryň “Maýa goýumlaryny goldamak we goramak barada Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň proýektine garandyklary we ony tassyklandyklary habar berilýär.

Deputatlar bu täze kanunlaryň proýektlerini makullap, biragyzdan kabul etdiler diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG