Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan wekili Ysraýyl sebäpli saparyny soňa goýýar


Birleşen Ştatlaryň Orta Gündogar wekili Jorj Mitçel Ysraýyl bilen diplomatiki krizis sebäpli özüniň sebite saparyny soňa goýdy.

Bu krizis geçen hepde, Birleşen Ştatlaryň wise prezidenti Jo Baýdeniň Ysraýyla sapary mahalynda ýüze çykdy. Şonda Ysraýyl günorta Iýerusalimde ýewreýler üçin 1600 sany kwartiranyň gurluşygyny tassyk etdi.

Palestinalylar bu ýerde öz geljekki döwletleriniň paýtagtyny gurmak isleýärler. Bu habar Ysraýyl bilen palestinalylaryň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini dikeltmek ylalaşygyna howp saldy.

Amerikan resmileri Ysraýylyň bu hereketini «masgaralaýjy» diýip atlandyrdylar we bu proýekti ýatyrmagy talap etdiler. Ysraýylyň daşary işler ministri Waşingtonyň bu talabynyň «esassyzdygyny» aýtdy.

Premýer ministr Benýamin Netenýahu bu gurluşyk baradaky habaryň berlen wagty üçin ötünç sorady, ýöne gurluşygyň ýatyrylmajagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG