Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili ýalan telehabary goramagyny bes edýär


Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili Orsýetiň Gürjüstany basyp alşy baradaky toslama telehabary goramagyny bes etdi.

Saakaşwili ýekşenbe güni bu telehabaryň Moskwadan abanýan hakyky howpy alamatlandyrýandygyny aýdypdy. Emma ol duşanbe güni, halkara tankydynyň artmagy netijesinde, onuň gürji jemgyeti üçin «zyýanlydygyny» aýtdy.

13-nji martda hökümete tarapdar Imedi telekanalynyň galp habary ilat arasynda howsala döretdi.

Ol habarda rus tanklarynyň serhetden geçip, Tbilisä ugrandygy, Saakaşwiliniň öldürilendigi we oppozision syýasatçylyryň käbiriniň öz ýurtlaryna donüklik edip, Moskwanyň tarapyny alandygy aýdylýardy.
XS
SM
MD
LG