Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda bolan ýol heläkçiliginde 35 adam heläk boldy


Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, paýtagt Kabulyň demirgazygynda ýerleşýän Salaň daglygynda iki maşynyň çakyşmagy zerarly 35 adam heläk boldy.

Ministrlik tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýdylmagyna görä, bu çakyşyk awtobus bilen ýük daşaýan maşynyň arasynda 17-nji martda bolupdyr.

Bu awariýadan soňra awtobusyň ot alanlygy aýdylýar. Ölenleriň arasynda çagalar we zenanlarda bar.

Bu ýangynda ýaralanan adamlar paýtagt Kabuldaky we töwerekdäki keselhanalara ýerleşdirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG