Gresiýanyň premýer-ministri Jorj Papandreou ýewropaly liderlere ýüzlenip eden çykyşynda, geljek hepde geçiriljek sammitde Afina maliýe ýardam etmek barada bileleşigiň ylalaşyga gelmelidigini aýtdy.
Ol Ýewropa Parlamentinde şu gün geçiren metbugat ýygnagynda, eger Gresiýa ýeňil şertlerde karz pul berilmese, Afinanyň býujet ýetmezçiligini doldurmak baradaky planynyň başa barmajagyny aýtdy.
Gresiýanyň premýer-ministri öz ýurdunyň Halkara Walýuta Fonduna ýüzlenmäge mejbur bolmazlygy üçin, häzirki döwürde Ýewropa Bileleşiginden ýardam sorap, Brýusselde gepleşik geçirýär.
Gresiýa şu ýylyň dowamynda azyndan 53 milliard ýewro karz pul tapmaly we ýaz aýlarynyň ahyryna çenli 20 milliard ýewro barar serişdäni gaýtadan maliýeleşdirmeli.

Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!