Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýik Britaniýa Türkmenistandaky ýagdaýlara alada bildirdi


Beýik Britaniýa tarapyndan 2009-ýyl boýunça adam hukuklary babatda ýaýradylan ýyllyk hasabatda Türkmenistandaky ýagdaýlar barada alada bildirilýär.

Hasabatda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça o diýen özgerişligiň bolmanlygy mälim edilip, söz we dini azatlyklar ýaly ugurlaryň aýratyn ünse mätäçdigi aýdylýar.

Şeýle-de graždan jemgyýetçiligi we syýasy tussaglaryň ýagdaýlarynyň hem oňyn däldigi bellenilip, ýurtda hakyky oppozision partiýalaryň döremegine mümkinçilik berjek şertleriň ornaşdyrylmanlygy aýdylýar.

Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan şu gün ýaýradylan hasabatda, ýurtda dürli kemsitmeleriň dowam edýänligi aýdylyp, Türkmenistan aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna girizildi.

XS
SM
MD
LG