Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indi muňa ýürek çydamaz…


Biziň jygyllyk bazaryna diýip münen taksimiziň sürüjisi elli ýaşa golaýlap barýan kişidi. Agras ýüzi, gaharjaň keşbi onuň bir zada janynyň ýanyp duranyndan habar berýärdi. Ol sil kimin akyp barýan maşynlaryň öz öňüne häli-şindi böwet bolmasyna gaharlanýardy.

«Muňa serediň-ä, hemmeler ýolda. Çaga eklemek üçin bäş manat gazanaýyn diýip, her kim ýyldyz barka bazara gelýär. Dogrusyny aýtsaň, geleniňe-de degenok. Diňe bir günki iýjek çöregiňi gazanyp bolýar. Alyjydan satyjy kän. Iş bolmansoň, hemmeler aluw-satuw bilen meşgullanmaga başladylar» diýip, sürüji öz-özünden gürrüňe başlady.

Benziniň gymmatlygy sebäpli, gazanýan pulundan diňe çörek puly artdyryp bolýandygyny aýdyp, sürüji nalady. Maşynlar dyklyşyp, biri-birine ýol bermän başladygy ol «artykmaç benzinim gidýär» diýip, maşynyny öçürip goýýardy. Ýöremeli bolanda ýene maşynyny otlaýardy. «Içi ýanan gazal okar» diýenleri boldy. Ol ýaşulynyň durmuşdan içi ýanyp dur eken.

«Nyýazow ýogalanda umytlanypdyk. Ol jaý ýykma keselinem öz bilen alyp gidendir» diýip, pikir etdik. Täze gelen jaý ýykjak dälmiş diýip, erteki otardyk. Büýem başlajak öýdýän. Hol gün agşam, telewizorda aýdan zatlaryny diňlediňizmi onuň? Ýene jaý ýykmaga görkezme berdi» diýip, taksiniň sürüjisi janyýangynlyk bilen Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 12-nji martdaky mejlisi hakda gürrüň gozgady.

«Özleriň başyna salaýsaň şu betbagtçylygy. Özleri weli owadan jaýlardan ýedi arkasyna ýeter ýalysyny alyp goýdular. Biz indi näme etmeli? Iş ýok. Ine, şu köneje maşynym bilen kireý edip çaga ekleýän. Munuň bilenem zordan çörek puly gazanyp bolýar. Jaý salmaga pul barmy adamlarda! Salanja zadyňy bir ýykmaly däl ahbeti» diýip, ýaşuly sürüji nalamasyny ýolboýy goýmady.

Sürüjiniň asly hakyky aşgabatly bolup, olar öňki «Leningrad» kolhozynda ýaşaýan ekenler. Üç erkek dogan. Üçüsiniň-de howlusy bar eken. Ejeleriniň aýratyn howlusy bar eken. Dört howlyny ýykyp, olara «Arkaçgurluşyk» edarasynyň guran jaýyndan üç otagly jaý beripdirler. Her maşgala bir otag. Ejeleri aşhanada ýaşamaly. Her dogana ýeten bir otagyň içinde üç-dört çaga, är-aýal ýaşamaly. «Günde sögüş, günde dawa» diýip, bize bu zatlary gürrüň beren ýaşuly janykdy. Soňra özüniň kireý edip ýygnanja puluna Çoganlydan mellek alyp, wagtlaýyn jaý salandygyny, indi ony hem ýykaýsalar, ýüreginiň muňa çydamajakdygyny gaharlanyp-gaharlanyp aýtdy.

Halkyň gaty ýuwaşdygyny, edenini edýän häkimiýetlere «haýt» diýmäge wagtyň ýetendigini öwran-öwran gaýtalady. «Kireý edip ýöremsoň, günde gapdalyndan ýüz sapar geçýän. Prezident üçin öň gurlan, gymmatbaha hem owadan köşk barka, öňki Lenin prospektiniň ugrunda ýene täze köşk gurup durlar. Şoňa gidýän pula ähli öýsüzlere öý gurup bolar. Ony Amerikanyň prezidentleriniň işleýän ýeri ýaly «Ak tam» diýip, atlandyrjakmyşlar. Ine, özler-ä şeýdip, edenlerini edip otyrlar. Halky bolsa asla äsgerenoklar» diýip, ýaşuly sürüji janyýangyn gepini dowam etdi.

Ýolda başy başatgyçly, garry daýza elini galdyrdy. Sürüji ony hem maşynyna mündürdi. Garry daýza öz ýanyndan birzatlardan zeýrenýärdi. Prezidentiň öý ýykmak barada Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 12-nji martdaky Mejlisinde aýdan sözleri onuň hem zähresini ýarypdyr.

Garry daýza Aşgabadyň etegindäki Köşi obasyna ýakyn Hellewler obasynda guran jaýlaryny Nyýazowyň döwründe ýykyp, «Ýalkym» obasynyň içindäki çagalar baglaryna dykylandyklaryny gürrüň berdi. Garry daýzanyň gününe seredeniňde ýaşuly sürüjiniň güni ýene ganymat bolup çykdy. Çagalar bagyna dykylan adamlara her maşgala üçin bir otag beripdirler. Goş-golamlaryny tanyş-bilişleriniňkä düşüren adamlaryň henizem jaýa garaşyp ýörendiklerini, emma olaryň ykbalyna hiç kimiň üns bermeýändigini ol daýza gürrüň berdi. Gaýynene, gaýynata, ogul-gelin, çagalar—barysy bir otagda. Ýagdaý tapanlar karz-kowal pul tapyp, şäheriň çet gyralaryndan wagtlaýyn tünejik salypdyrlar. Ine, indi ol tüneklere hem ýykylmak garaşýar. «Sowet döwrüniň başlyklary hem biziň öýümizi ýykmandy» diýip, garry daýza nalyndy. «Bular olarça-da bolmadylar».

Bu günler adam duşan ýerde şeýle gürrünleri eşidip bolýar. Sebäbi Türkmenistanda öý ýykyşlyk kampaniýasy ýene täzeden möwç alyp başlady. Adam ykbalyna türkmen häkimiýetleri örän rehimsiz seredýärler öýdýän. Şu öý ýykmalar olaryň ulanýan «Döwlet - adam üçindir» diýen şygaryna näderejede laýyk gelýärkä?

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG