Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşulular geňeş etse…


Üstümizdäki ýylyň 12-nji martynda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty hakyndaky Permana gol çekipdi.

Permana laýyklykda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde çagyrmak, onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini hödürlemek bellenildi.

Ýaşulularyň bu agzalýan maslahatyna çenli göni iki aý bar. Şeýle-de bolsa, biz iki aý öňünden ýaşulularyň şol maslahatda il bähbitli hiç bir meseläni orta atmajakdygyny, hiç bir meseläni çözmejekdiklerini aýdyp bileris. Olar hatda maslahatda çykyş etjegem bolmazlar, çykyş etmek isläýenlerinde-de olara çykyş etmäge hiç kim rugsat bermez.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahaty hatda indi prezident Nyýazowyň döwründäki ýaly wajyp mesele çözmäge hukuga-da eýe däl. Ol 2008-nji ýylda jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Prezident Nyýazow özüne Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakdyranda, özüni ömürlik prezident saýladanda «Ine, halk bilen, Ýaşulular bilen geňeşýär» diýen sözi dünýä jemgyýetçiliginiň önünde perde edinmek üçin ýaşululary ellerini galdyryp, öz edýän işlerini makullatmak üçin ulanyp gelipdi.

Nyýazowyň döwründe ýaşulular diňe dymyp, el çarpmak wezipesini ýerine ýetirip geldiler. Olara maslahata barmazdan öň hiç hili çykyş etmeli däldigi, sowal bermeli däldigi, teklip aýtmaly däldigi hakda «düşündiriş geçýärler». Şundan soň olar ýedi arkasy barlanansoň, maslahata goýberilýär.

Ýaşulularyň 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda geçmeli Daşoguz maslahytynda hem olar öňküleri ýaly dymyp oturarlar. Olar halkyň ýykylýan jaýlary, halka mellek, öý bermek hakdaky meseleler, işsizligi ýok etmek hakdaky teklipler bilen çykyş etmezler. Daşary ýurtlarda mysapyrlyk çekip ýören ildeşlerimizi ýurda dolamak, nähak töhmete galyp, režimiň pidasy bolup, türmelere düşenleri halas etmek hakda agzamazlar. Diňe özlerine beriljek sowgatlara monça bolup, öýlerine dolanarlar.

Uly çykdajy

Şujagaz syýasy oýun üçin döwletiň ençeme puly harçlanýar. Bu hakda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugynda-da aýdylyp geçilýär. Türkmenistanyň prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar Ministrligi Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar üçin sowgatlyk harytlary degişli ministrliklerden we pudak edaralaryndan bellenen möçberlerde kabul edip almaga hem-de sowgatlary taýýarlamaga borçly edilýär,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine we «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyna Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylary Daşoguz şäherine getirmegi we yzyna äkitmegi üpjün etmek tabşyrylýar.

Türkmenler öz ýaşulusyny sylaýarlar. Gadym döwürden bärem ýaşulular özüniň agramly sözi bilen il-halkyň goragynda duran adamlar. Ile-güne maslahat beren adamlar. Türkmenler toý-sadakasynda-da ýaşululardan geňeş soraman, hiç bir iş etmeýärler. Ýaşulular toýlaryň bezegi, ýasda howandar. Ýaşulularyň bar ýeri göze gelüwli görünýär. Ýöne mejlisde diňe dymyp oturyp, käwagtam gürrüldili el çarpýan ýaşulular welin halkyň gözünden düşýär.

Jemgyýetçilik guramasyna öwrülen Ýaşulularyň bu maslahaty indi hiç bir zatda hiç hili rol oýnamaýar. Geljekde onuň bütinleý ýatyrylmagy-da mümkin.

Serdar Gulgeldiýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG