Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli tanymal aýdymçy Tolkunowa aradan çykdy


Duşenbe güni Orsýetiň tanymal aýdymçylaryndan biri Walentina Tolkunowa 63 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy habar berýär.

Rak keseline duçar bolan Tolkunowa 16-njy fewralda Belarusda geçirilen konsertde özünden gidip ýykylandan soň keselhana ýerleşdirilipdi.

Tolkunowa 1971-nji ýylda düşürilen we “Gün yzyna gün“ diýilip atlandyrylan kinoda çykyş edenden soň tutuş Sowet Soýuzynda at gazanypdy.

Onuň “Kümüş toýlar”, “Eje, meniň bilen gürleş” we “Köne sözler”, atly aýdymlary halk arasynda gaty meşhur bolupdy. Ol Sowet Soýuzynda ençeme sylaglara-da mynasyp boldy.

Tolkunowa, Orsýet bilen bir hatarda, Ukrainada, Gazagystanda, Türkmenistanda we Estoniýada-da dürli sylaglara mynasyp bolupdy.
XS
SM
MD
LG