Düýn Aşgabatda Ministrler kabinetiniň nobatdaky maslahaty geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana planlaşdyrýan iş saparyna görlen taýýarlyklar, şeýle hem ýakynda prezidentiň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Ondan soň, Ministler kabinetiniň başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedow «Adamzadyň ruhy hazynasy» ady bilen Aşgabatda 21-23-nji aprelde geçiriljek el hünärleriniň halkara sergisine hem-de halkara milli folklor festiwalyna görülýän taýýarlyklar barada prezidente hasabat berdi.
Maslahatyň dowamynda wise-premýerler H.Saparlyýew, B.Hojamuhemmedow, H.Muhammedow, M.Akmämmedow, T.Japarow, D.Orazow we käbir beýleki resmiler hem öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň ýagdaýlary barada hasabat bilen çykyş etdiler.