Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Amerikany neşe öndürjilere göz ýummakda aýyplaýar


Orsýet Birleşen Ştatlaryň, göknar ekinlerini ýok etmezlik bilen, owgan neşe söwdasyna göz ýumýandygyny aýtdy.

Amerikan goşunlary Helmand welaýatynda, neşe maddalarynyň iň kän öndürilýän ýerleriniň birinde kontroly ele geçirýär. Moskwa şu hepdede Günbatary neşe meselsinde ikinji gezek tankyt edýär.

NATO bu aýyplamany ret etdi we Moskwa pitneçiler bilen söweşe köpräk esger ibermek bilen kömek edip biler diýdi.

Amerikan goşunlary Helmand welaýatynyň adamlaryna bu ýylky ekinlerine zat degmejeklerini aýtdylar.

Geçen aý amerikan goşunlary tarapyndan ele geçirilen Marjada Birleşen Ştatlar daýhanlara öz göknar ekinlerini ýok etseler pul hem geljek ýyl başga ekin ekmek üçin tohum berjeklerini aýtdylar.

Owganystan dünýäde öndürilýän neşäniň 90 prosentden gowragyny öndürýär.
XS
SM
MD
LG