Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G-8 Eýrana garşy basyşlaryň artydyrylmagyny talap etdi


Kanadanyň daşary işler ministri Lawrens Kannon Eýranyň urany baylaşdyrmak boýunça şübheli planyny ýatyrmagy üçin G-8 toparynyň daşary işler ministrleriniň Tährana basyş etmek barada ylalaşanlygyny aýtdy.

Kannonyň bu baradaky çykyşy senagat taýdan ösen G-8 toparyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Kanadada geçirilen iki günlik sammitinden soň boldy.

Ol bu barada sözlän sözünde G-8 toparynyň Eýran bilen gepleşiklere-de taýýardygyny ýatladyp, halkara jemgyýetçiliginiň hem Eýrana garşy zerur basyşlary etmelidigini belledi.
XS
SM
MD
LG