Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly ýadro alymy Birleşen Ştatlara gaçdy


Birleşen Ştatlarda çykan metbugat habaryna görä, iýun aýyndan bäri tapylmaýan eýranly ýadro alymy Birleşen Ştatlara gaçyp gelip, Merkezi Aňtaw gullugyna kömek edýär.

ABS habarlarynda aýdylmagyna görä, 30 ýaşlaryndaky ýadroçy fizik Şarman Amiriniň ýurtdan gaçmagy onuň Eýrandan çykarylmagy üçin uzak planlaşdyrylan operasiýanyň bir bölegi bolup durýar.

Bu habar babatda resmi tassyknama berilmeýär.
XS
SM
MD
LG