Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban Ki Mun Merkezi Aziýa saparyna başlaýar


BMG-niň baş sekretary Ban Ki Mun şu gün Merkezi Aziýa saparyna başlaýar. Bu Banyň BMG-niň ýolbaşçysy hökmünde regiona etjek ilkinji saparydyr.

Ban ilki bilen Aşgabada barar. Ol şol ýerde Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça regional merkezine we prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutyna barar.

Ban Türkmenistandan soňra, Gyrgyzystana, Özbegistana, Täjigistana we Gazagystana sapar eder.

BMG-niň maglumatyna görä, Banyň merkezi aziýaly liderler bilen boljak duşuşyklarynda esasanam regional hyzmatdaşlyk, ýaragsyzlanmak, howanyň maýlamagynyň öňüni almak ýaly meselelere gönükdiriler.

Ban Özbegistana edýän saparynyň dowamynda Aral deňizine hem baryp görer. Bu saparyň maksady deňziň suwynyň guramagynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirine göz ýetirmekden ybaratdyr.
XS
SM
MD
LG