Edýän bikanun işlerine garşy görülýän çäreleriň artydyrylandygyny bilýän neşe söwdagärleri indi taktikalaryny uýtgetdiler.
Täjik kanunynyň ýaşy 14-den aşak çagalara uly adamlaryňky ýaly jeza berilmegine ýol bermeýänliginden habarly neşe gaçakçylary indi ýaşlary ulanýarlar. Öten ýyl tutulan iki owganystanly neşe söwdagärleriniň biri 15, biri hem 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Täjigistanyň daglyk Badahşan welaýatynyň baş kazysy Saidmusallam Şohmusallamowyň aýtmagyna görä, neşe söwdagäleri bular ýaly agyr jezadan gorkup, indi ýaşlardan peýdalanýarlar.
“Jenaýatkärler neşe gaçakçylygyna we serhetden bukanun geçilmegine agyr jeza berilýändigini bilýärler. Şol sebäpden olar täze ýollary agtaryp, öz işlerine ýaşlary çekýärler” diýip, Şohmusallamow aýdýar.
Owganystanyň Badahşan welaýatynda ilat aşa garyp, çagalaryň 30 prosenti mekdebe gatnanok.
Ýaşlara jeza ýok
Owganystanyň Horugdaky (Täjigistan tarapy) wekilhanasynyň başlygy Abdujamil Okhundzoda ýagdaýy şeýle düşündirýär: “Neşe söwdagärleriniň birnäçesi çagalara pul wada edip, ýa öz täsirlerinden peýdalanyp, olary bu işe çekýärler. Çagalar mekdebe gidiýärmi, gitmeýärmi, tapwudy ýok. Olar ýaşy 14-den aşak çagalara agyr jeza berilmän, basym boşadylýanlygyny bilýärler”.
Ýerli žurnalist Lufişoh Dodonyň aýtmagyna görä, öz edýän işiniň nämedigini hem neşe söwdagärleri hem-de olaryň hakyna tutýan ýaşlary bilýärler.
“Jenaýat dünýäsiniň öz syýasatçylary, alymlary bar. Olar haýsy ýurtlardan neşe geçirýän bolsalar, şol ýurtlaryň kanunlaryny öwrenýärler. Biziň kanunymyz boýunça ýaşlary jezalandyrmak bolanok. Olar muny bilýärler. Mundan galp peýdalanýarlar. Penj derýasyndan geçip, Täjigistana gelýän 12-13 ýaşyndaky çagalar öz statusyna ýetik. Olar özleriniň türmä iberilmän, iberiläýse, ýörite mekgeplere iberiljekdiklerini bilýärler” diýip, Dodo aýdýar.
Dodonyň garaýşyça, bolýan bikanun serhedaşa işlere garşy göreşiň iň gowy ýoly serhede oňat kontrollyk etmek. Ýöne ýaşlaryň neşe söwdasyna çekilmeginiň öňüni bu-da alyp bilmez. Sebäbi ýaşlara jeza ýok diýen kanundan owganlar peýdalanmasa-da, Täjigistanyň öz neşe söwdagärleri peýdalanar.