Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň oppozisiýasy köpçülik protestini geçirjegini aýdýar


Gyrgyzystanyň oppozisiýasy ýurt boýunça köpçülikleýin anti-hökümet protestlerini geçirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Protest mahalynda resmi korrupsiýa we garaşsyz metbugatyň basylyp ýatyrylmagyna bolan gahar-gazap bildiriler.

Ozalky daşary işler ministri we oppozisiýa lideri Roza Otunbaewa AFP habar gullugyna Birleşen halk hereketi koalisiýasynyň 7-nji aprelden proteste başlajagyny aýtdy.

Ol häkimietleriň korrupsiýadan saplanmak we has köp metbugat azatlygy baradaky talaplaryň hiç birine jogap bermändigini aýtdy.

Şeýle-de ol gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň maşgalasynyň esasy hökümet weziplerini eýeläp, oppozisiýa we söz azatlygyna hüjüm edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG