Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam Karzaýyň aýdan sözlerinden ynjalyksyzlanýar


Ak Tam owgan prezidenti Hamid Karzaýyň Günbatara garşy aýdan sözlerinden ynjalykdan gaçanyny bildirdi.

Ak tamyň sözçüsi Robert Gibbs «bu sözler hakykatdan hem ynjalyksyzlandyryjy» diýdi.

Geçen hepde ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Owganystana prezident hökmündäki birinji saparyny amala aşyrdy. Şondan biraz soň Karzaý daşary ýurtlulary saýlaw galplygyny etmekde, resmilere para bermekde we öz hökümetini gowşatmaga synanmakda aýyplady.

Bu ýagdaý Waşingtony ondan öz aýdan sözlerini açyklaşdyrmagyny soramaga iterdi.

Anna güni döwlet sekretary Hillari Klintonyň eden ýaraşyk çagyryşyna garamazdan, Karzaý ýekşenbe güni ýene özüni günbatarly goldawçylaryndan çeke tutdy.

Ol tire ýaşulularyna owganlaryň öz liderleriniň «gurjak» däldigini görmegi gerek we hökümet resmileri «daşary ýurtlulary» öz işlerine gatyşdyrmaly däl diýdi.
XS
SM
MD
LG