Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň howa zarbasy asuda ilatdan 4 adamy öldürdi


NATO-nyň günorta Owganystanda bir öýe uran howa zarbasy asuda ilatdan 4 adamy we pitneçi diýip güman edilýän 4 adamy öldürdi.

NATO-nyň beýanatynda Helmand welaýatynyň Nahri Sarraj etrabyndaky jaýdan birinji gün NATO we owgan esgerleriniň oka tutulandygy aýdylýar.

Bu hüjüm ol ýere howadan zarba urulmagyna itergi beripdir.

Ol ýerde asuda ilatdan hem adamlaryň bolandygy diňe goşun barandan soň belli bolupdyr.
XS
SM
MD
LG