Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi


Şu gün Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde adatadan daşary ýagdaý yglan edildi. Bu habar şu gün Bişkekde howpsuzlyk güýçleri bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşykdan soň geldi. Şeýle hem gazaply protestçiler döwlet tarapyndan eýeçilik edilýän iki telekanalyň jaýyny basyp alandan soň Gyrgyzystandaky ähli telegepleşikleriň togtadylanlygy habar berilýär.

Kyrgyz Protest
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:01:13 0:00

Gyrgyzystanda howpsuzlyk güýçleri bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 180 adamyň ýaralananlygy aýdylýar.

Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Ýelena Baýalinowa salgylanylyp çap edilen habarda ýaralananlaryň howpsuzlyk güýçleriniň agzalarymy ýa-da protestçilerden ybaratdygy hakda takyk maglumat berilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary müňlerçe protestçiniň Prezident köşgüniň töweregine jemlenişenligini we olaryň prezident Kurmanbek Bakyýewiň wezipesinden çekilmegini talap edýänligini habar berdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary protestçileriň howpsuzlyk güýçlerine daş atyp hüjüm edenligini we polisiýa güýçleriniň bolsa olara göz ýaşardyjy gaz bilen garşylyk berenligini aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde prukorurlar ençeme oppozision liderleri tussag edip, olary “agyr jenaýat” edenlikde aýyplady. Olaryň arasynda oppozision Sosial Demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Almazbek Atambaýew we Ata Meken partiýasynyň lideri Ömürbek Tekebaýew dagylaryň bardygy aýdylýar.

Soňra oppozision lider Isa Ömerkulow howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilen oppozisiýa liderleriniň ählisiniň azat edilenligini habar berdi.

Beýleki oppozision lider Roza Otunbaýewanyň nirededigi anyk däl, emma onuň sözçüsi Otunbaýewanyň tussag edilmek howpy zerarly gizlin saklananlygyny aýtdy.

Şeýle-de protestçileriň Gyrgyzystanyň Talas şäherindäki hökümet binasyny gije gaýtadan basyp alanlygy aýdylýar. Olar hem prezident Bakyýewiň wezipesinden çekilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG