Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kömekçisi Karzaýyň Talybana goşularyn diýenini ret edýär


Hamid Karzaýyň sözçüsi prezidentiň Talybana goşularyn diýip haýbat atanlygy barada aýdylýanlary ret etdi.

Karzaýyň sözçüsi Wahid Omar Karzaýyň hökümetiniň habar serişdelerinde peýda bolan sözleri görüp, aňk bolandygyny aýtdy.

Karzaý Talybana goşulmak baradaky sözleri şenbe güni, deputatlar bilen duşuşanda aýtdy diýilýär. Bu sözler habar serişdelerinde giňden habar berildi we Ak Tamyň Karzaý öz problemalarynda Birleşen Ştatlary günälemegi bes etmese, onuň Waşingtona planlaşdyrylan saparynyň ýatyrljakdygyny aýtmagyna getirdi.

Dürli-dürli owgan deputatlarynyň üçüsi AP habar gullugyna Karzaýyň Birleşen Ştatlar basyşy dowam etse, Talybana goşularyn diýip iki gezek haýbat atanyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG