Heniz «Iň soňky jaňyň» bellenilýän güni bolan 25-nji maýa çenli wagtyň ep-esli bardygyna garamazdan, geljekki uçurymlar bu dabara eýýäm şu günlerden taýýarlyk görýärler.
«Iň soňky jaň» dabarasy oba mekdepleri bilen deňeşdireniňde paýtagtda has şowhunly bellenilýär. Munuň sebäbini Aşgabatda ýaşaýanlaryň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň oba ilatynyňkydan ep-esli derejede ýokarylygy bilen düşündirip bolar.
Ýöne «Iň soňky jaň» dabarasyny ýokary derejede şowhunly bellemek isleginiň käbir maşgalalaryň başyndan bela bolup inmegine sebäp bolýar.
Çykdajy uly
«Iň soňky jaň» dabarasyny sowmak üçin her bir uçurym azyndan 200 manat, ýagny 70 dollar çykarmaly bolýar. Bu puluň 60 manady wypusknik üçin, ýagny tutuş klasdaşlaryň bilelikdäki portret suratlary, 70 manat dabaradan soň klasdaşlar bolup kafede oturmak üçin, 30 manat dabarany wideo düşürtmek üçin, 40 manat bolsa bagşynyň mekdepde aýdym aýtmagy üçin harçlanylýar. Bular diňe uçurymlaryň öz dabarasyna edýän çykdajylary.
Mundan başga her bir klas öz klasýolbaşçysy hem-de mekdep direktory üçin gymmat bahaly sowgatlary berýärler. Ol sowgatlar saz merkezinden başlap, gyzyl şaý-seplere çenli bolup bilýär. 25-nji maý gününde okuwçylaryň egniniň üstaşyr dakynýan «Uçurym» diýlen zer çaýylan lenta üçin hem çykdajylar olaryň öz hasabyna amala aşyrylýar.
Öz dabaralary hem-de klasýolbaşçysydyr mekdep direktoryna sowgat üçin her bir uçurym azyndan 300 manat, ýagny 100 dollardanam gowrak pul çykarmaly bolýar. Ýöne käbir abraýly ýolbaşçylaryň çagalarynyň okaýan mekdeplerinde uçurymlar mundan-da kän çykdajy edýärler.
Häzirki wagta çenli 25-nji maý gününde boljak oturylyşyk üçin paýtagtyň ähli kafeleri uçurymlar tarapyndan eýelenilip goýuldy. Diňe bir kafeler däl, şol gün ýurduň tas ähli estrada aýdymçylary hem şu wagtdan eýelenildi.
25-nji maýda mekdepde bary-ýogy iki sagatlyk aýdym aýtdyrmak üçin uçurymlar bagşylara pesinden 2000 dollary töleýärler. Has abraýly, tanymal estrada aýdymçylar üçin bolsa 5000 dollara çenli pul berilýär.
Geçen ýylyň «Iň soňky jaň» dabarasynda “gara sanawa” düşürilen käbir estrada aýdymçylaryň mekdebe getirilip, aýdym aýtdyrylmagy bilim ministrligi tarapyndan gadagan edilmegi, uçurymlar bilen direktoryň arasynda gapma-garşylyklaryň ýüze çykmaklygyna getiripdi.
Mekdepde uçurymlaryň sany näçe köp bolsa, dabaralar üçin bir adama düşýän çykdajy hem azrak bolýar. Ýöne käbir mekdeplerde bary-ýogy 2 sany klas bolup, olardan uçurym bolýanlaryň sany 50-60 töweregi bolýar. Ine, şu ýagdaýda az sanly uçurymlaryň çykarýan çykdajysy köpräk bolýar.
Janlaryna kast edýänler
Zordan 100-120 dollar aýlyk bilen giden öýüň keşigini bir özi çekýän ene-atanyň 150 dollary ýele sowurmak üçin perzendine pul bermekden ýüz öwürmeginiň kähalatlar maşgalada betbagtçylyga getirýän pursatlary hem bolýar. Klasdaşlarynyň arasynda «Iň soňky jaň» dabarasyna pul goşup bilmänine namys edýän ýaşlaryň arasynda janlaryna kast edýänlere-de duşulýar.
Ýaşlygyň ýelginine gidip, ýöntemje zat üçin janlaryna kast eden perzentlerini ellerinden aldyran ene-atalaryň ýurduň Bilim ministrligine ýüze çykan ýagdaý bilen bagly ýüz tutmalaryna her ýyl gabat gelinýär.
Her ýylda şunuň ýaly ýüze çykýan pajygaly wakalar zerarly, bilim ulgamyna garaýan ýolbaşçylar mekdep direktorlaryna «Iň soňky jaň» dabarasyny şowhunly bellemekligi gadagan edýärler. Ýöne muňa garamazdan, ozaldan dowam edip gelýän uçurymlaryň «Iň soňky jaň» dabarasy her ýyl bellenilýär.
Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.