Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakyýewiň el degirilmesiz hukugy aradan aýrylar


Gyrgyzystanda şenbe güni agşam wagtlaýyn hökümet “Döwlet häkimiýetini we Konstitusiýany geçirmek hakynda” diýen Dekretine gol çekilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna täze hökümetiň agzasy, hukuk goraýjylary toparlary we armiýany edara edýän Azymbek Beknazarowyň aýtmagyna görä, ol dekret iş ýüzünde häzirki dowam edýän konstitusiýany çalyşýar we prezident K. Bakyýewiň el degirilmesiz hukugyny aradan aýyrýar.

Bakyýewiň garşysyna eýýäm jenaýat işi gozgaldy diýip Beknazarow aýtdy. Täze hökümet onuň bilen gepleşik geçirmekçi däl.

Bakyýewiň BBC telekanalyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, janyndan howatyr edip, paýtagt Bişkege dolanmakçy däl. Ol Gyrgyzystanyň günortasyndaky obalaryň birinde saklanýar.

“Eger K. Bakyýew prezidentlik wezipesini tabşyrsa, onuň şahsy howpsuzlygy üpjün ediler. Bakyýewe ýurtdan çykyp gitmäge entek mümkinçilik bar” diýip, täze hökümetiň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa aýtdy.

Bakyýewiň ýakyn garyndaşlaryň birnäçesiniň garşysyna jenaýat işi gozgaldy. Olar ýakyn günlerde bolan halk tolgunyşygyna adamlaryň ölümi meselesinde aýyplanýarlar. Şonda Bişkekde hem onuň etrabynda 76 adam heläk bolupdy.

Şeýle hem gyrgyz hökümeti Prezidentiň Howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysynyň hem-de prezidentiň inisi Janyş Bakyýewiň gözleýändigini habar berdi.

Gyrgyzystanda 9-10 –njy aprel milli matam güni diýlip yglan edildi.
XS
SM
MD
LG