Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülkiniň gadagan edileni çynmyka?


Karikaturany çeken Mihail Zlatkowski
Karikaturany çeken Mihail Zlatkowski

Her sapar gazet-žurnallara abuna ýazylyşyk başlanda öýümizde gopgun turýar. Men muňa ozal üns bermeýärdim. Ýöne pensiýa çykanymdan soň öýdäkileriň nägileliginiň janynyň bardygyna göz ýetirdim.

Ilki bilen nägileligiň nämedeligini düşündireýin. Maşgala çlenlerimizden işe gatnaýanlar mejbury ýagdaýda gazet-žurnala ýazdyrylýarlar. Özem şol mejburlygam islegiňe görä däl. Iş ýeriň haýsy gazete ýazyl diýse, şoňa ýazylaýmaly. Bir öýe iki-üç sany meňzeş gazet gelse-de, seniň ýagdaýyňy soraýan ýok. Bir öýe on sany meňzeş gazet gelende-de, aýlyk alýan ýeriň haýsy gazete ýazsa, sesiňi çykarmaly däl.

Üstesine-de, gazetlere dürli-dürli atlylaryny saýlap ýazylanyňda-da tapawudy ýok. Olaryň hemmesi birmeňzeş. Diňe ady başga diýäýmeseň.

Täze elipbiýi özleşdirmek maňa kyn düşdi. Şofýor bolamsoň, onuň maňa kän bir geregem ýokdy. Agyry edinmändimem.

Pensiýa çykanyma iki ýyl boldy. Pensiýada wagtyňam güýmenje gerek. Yhlas edip, täze elipbiýi öwrendim. Ýazyp bilmesem-de, okap bilýän.

Öýe ýurtda çykýan gazet-žurnallaryň ählisi diýen ýaly gelýär. Poçtalýon bir hepdäniňkini jemläp oklap gidýär. Başda şol gazetler uly güýmenje boldy, soňabaka welin, içim gysdy.

Gazet-žurnallar ors elipbiýinde çykýan mahaly hem öýe dürli neşirler gelerdi. Şonda gazetleri dördünji sahypasyndan başlap okap başlaýardym. Dördünji sahypada hökman satira-ýumor ýa-da ýörite sahypalar berlerdi. Okap-okap, hezil edýärdim.

Indi diňe galkynmalymy?

Her sapar öýe gazet-žurnal gelende häzirki gazetlerdenem şol zatlary agtardym. Her näçe geň galsam-da, degişmedir şorta sözlere gabat gelmedim. Hamala gazetdir-žurnallaryň barysyny bir adam çykarýan ýaly. Hiç birinde göwün açyp, okar ýaly zat ýok. «Edebiýat we sungata» näme boldy! Şol dagy degişmesiz çykmazdy ahyry. «Belki, indiki sanda bir zatlar çykar. Bu sapar satira-ýumora ýer bolan däldir» diýen niýet bilen «Edebiýat we sungat» gazetiniň her sanyny howlukmaç gözden geçirýärin.

Adam ýeke wagty ruhy iýmiti has küýseýän eken. Ruhy iýmite islegiňi gandyrmak aňsadam däl eken. Degişme-gülüşme bermeli gazetde bolsa degişmäniň ysam ýok. Dogry, gazetiň her sanynda gabrowo degişmeleri bar. Olaryň hemmesini men bu gazetiň sowet döwründäki sanlaryndan okap çykypdym. Hamala, türkmeniň öz degişmesi gapyşan ýaly. «Türkmene indi degişmek gadagan. Diňe galkynmaly!» diýip, içi ýananlar gürrüň edýärler. Ýa bu hakykatdanam dogrumyka?

“Haky ýok”

Gazetleri dör-dörjük edip otyrkam, kä wagt çaý başynda ümmüldeşýän, pensioner goňşym geldi. Men oňa kalbymyň degişmelije zat küýseýändigini, gazetlerden degişme gözleýändigimi, ýüregimiň gysyp durandygyny, degişme okap, birneme ýüregimi giňeltmek isleýändigimi aýtdym. Ol maňa Türkmenistanyň dünýädäki degişmäni gadagan edýän ýeke-täk ýurda öwrülendigini, munuň şeýle edilenine üç ýylyň dagy bolanyny aýdyp, meniň bu zatlardan bihabarlygyma haýran galdy.

Garraberseň, oýnajagam tapylýar. Goňşyma «hä» beresim gelmedi. Hatda iň yza galak ýurt hasaplanýan Afrika döwletlerinde-de ýörite satira-ýumor neşirleriniň bardygy hakda biz Orsýet telewideniýesiniň görkezýän jahankeşdeler hakdaky gepleşiginden bilýäris-ä. Biziň ýurdumyzda degişmeleriň gadagan edilmäge haky ýok.

Meniň sözüme «Haky bar!» diýip, jogap berýän ýaly, biri-birinden şol bir zatlary göçürip çap edip, çykyp duran gazetleriň bir gujagy her hepdede biziňem öýümize taşlanylyp gidilip dur.

Merdan Ataberdiýew Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG