Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli çinownikleriň girdejileri barada maglumat çap edildi


Kremliň metbugat gullugynyň resmi saýty Orsýetiň ýokary derejeli çinownikleriniň hem olaryň maşgala agzalarynyň 2009-njy ýyldaky girdejileri hem emläkleri barasyndaky maglumatlary çap etdi.

Şol maglumatlara görä, prezident Dmitriý Medwedewiň girdejisi 3 million 300 müň rubl bolupdyr.

Premer-ministr Wladimir Putin 4 million rubl töweregi gazanç edipdir.

Ähli maşgala agzalarynyň gazançalary goşulyp hasap edilende, hökümet agzalarynyň arasynda iň baýy -hökümet başlygynyň birinji orunbasary Igor Şuwalowdyr. Onuň gazanjy 6,6 million rubl, onuň aýalynyň 2009-njy ýylda gazananany adamysynyňkydan tas ýüz esse artyk bolup, ol 642 million rubldyr.
XS
SM
MD
LG