Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: «Päkistan ynsanperwer işi howp astynda»


BMG şu gün esasy proýektler üçin fondlaryň azlygy sebäpli Päkistandaky ynsanperwer kömek işi howp astynda diýdi.

BMG-niň Ynsanperwerçilik işleriniň kordinasiýasy bölümi şu ýyl göçürilen adamlar we bosgunlar üçin zerur bolan 500 million dollaryň diňe 20%-niň peşgeş berlendigini aýtdy.

Dünýä azyk programmasy ýaşaýan ýerinden göçürilen adamlar üçin azygyň maýdan aňryk etmejegini aýtdy.

«Päkistanda 1.3 million adam ýaşaýan ýerinden göçen we ýurduň uruş-dawaly ýerlerinden gelýän bosgunlaryň yzy üzülmeýär» diýip, BMG aýdýar.
XS
SM
MD
LG