Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda gaz boýunça halkara konferensiýa geçirilýär


Şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda tebigy gaza bagyşlanan we iki gün dowam etjek halkara konferensiýa açyldy. Bu ýygnaga onlarça ýurduň ýokary derejeli wekilleri hem gatnaşýarlar.

Şu gün konferensiýanyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň gaz öndürýän esasy ýurtdugy we onuň global gaz bazaryndaky artýan roly barada gürrüň edildi.

Ýygnagyň ikinji tapgyrynda regionyň gaz senagatynyň ösdürilmegi üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti hakda pikir alşylar.

Konferensiýanyň ikinji güni gaz eksportunyň diwersifikasiýasy barada gürrüň edilmegine garaşylýar.

Bu çäre Aşgabadyň sergi köşgünde geçirilýär.
XS
SM
MD
LG