Dünýäniň güýçli ýurtlarynyň wekilleri düýn Nýu-Ýorkda duşuşyp Eýranyň ýadro programmasy boýunça Tährana garşy täze sanksiýalar girizmek barada pikir alyşdylar.
Fransiýanyň ilçisi Gerard Arawud Eýrana garşy girizilmegi mümkin sanksiýalaryň dördünji tapgyry barada, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş hemişelik agzasy bilen bir hatarda, Germaniýanyň wekilleriniň ABŞ tarapyndan taýýarlanan bu dokument barada ylalaşyga gelmäge ýakynlaşýandyklaryny aýtdy.
Hytaý bilen Orsýetiň ilçileriniň bolsa bu sanksiýalaryň girizilmegine o diýen islegli däl, emma muňa garamazdan olar bu sammitiň “konstruktiw gepleşik” bolanlygyny aýtdylar.
Türkiýe bolsa Eýrana girizilmegi mümkin sanksiýalar barada dünýäniň güýçli ýurtlarynyň BMG-niň beýleki agzalaryna ýeterlik maglumat bermeýänligini aýtdy.
Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly 14-nji aprelde eden çykyşynda Eýrana garşy sanksiýa girizilmegine Ankaranyň henizem garşydygyny belledi.