Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň resmileriniň aýtmagyna görä, prezident Kurmanbek Bakyýew 15-nji aprelde ýurduň baştutany wezipesinden çekildi.
Özlerini Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti diýip yglan eden administrasiýanyň ýokary derejeli wekillerinden Edil Baýsalow Azatlyk Radiosyna bu barada şeýle diýdi: “Halkara jemgyýetçiliginiň şertlerinden birine laýyklykda, prezident Bakyýew wezipesinden çekilmek baradaky arzany ýazdy, oňa gol goýdy we öz wezipesinden çekildi” diýip, Baýsalow aýtdy.
Bakyýew Gyrgyzystany terk etdi. Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi Roman Wassilenko Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Bakyýewiň Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän Taraz şäherine gelenligini tassyklady.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçysy we Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew Bakyýewiň Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti bilen ylalaşyga gol goýandan soň, Gyrgyzistany terk edenligini aýdyp, beýanat ýayratdy.
ÝHHG bu ylalaşyga Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň tagallalary we ÝHHG-niň, BMG-niň we ÝB-niň araçylygy esasynda gelnenligini habar berdi.

Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!