Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň prezidenti öz ygtyýarlyklaryny kemeltdi


Şu gün Pakistanyň prezidenti Asif Aly Zardari özüni ençeme ygtyýarlyklardan mahrum edýän täze kanunyň proýektini tassyklap, oňa gol çekdi.

Konstitusiýa girizilýän bu täze üýtgetmeler Pakistanyň prezidentini parlamenti dargytmak we premýer-ministri wezipesinden boşatmak ýaly ygtyýarlyklardan mahrum edýär.

Bu täze üýtgetmeler Pakistanyň ozalky prezidentleri Perwez Muşarraf bilen Zia ul Hakyň tagallasy bilen döwlet liderine berlen ygtyýarlyklaryň köpüsini indi yzyna alýar.

Bu täze kanunçylyk proýektine gol çekişlik dabarasynda eden çykyşynda Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani bu täze kanunçylyga demokratiýa we durnuklylyga tarap edilen taryhy ädim hökmünde baha berdi.
XS
SM
MD
LG