Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda neşä garşy göreş boýunça alada bar


Düýn prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň permany bilen Türkmenistanyň neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň Ahal welaýaty boýunça uprawleniýesiniň başlygy Baýrammyrat Ilamanow öz işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy.

Bu baradaky permanda Baýrammyrat Ilamanowyň özüne tabşyrylan borçlara hötde gelip bilmändigi, şeýle hem onuň gadagan edilen neşe ösümlikleriniň bikanun ösdürilmeginiň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işlere talaba laýyk gözegçiligi ýola goýmandygy üçin wezipesinden boşadylýandygy aýdylýar.

Şu gürrüňi edilýän meselelerde kontrollygy gowşadandygy üçin düýn prezidentiň permany bilen Ruhabat etrapynyň häkimi Ýazgeldi Annaýewe hem käýinç yglan edildi.
XS
SM
MD
LG