Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa prezident Ýanukowiçe impiçment bilen haýbat atýar


Ukrainanyň oppozisiýasy düýn ýurduň Harkow şäherinde Orsýetiň we Ukrainanyň prezidentleriniň gol çeken täze ylalaşygyna garşy protest bildirýär.

Hususan-da, oppozisiýa Ukrainadaky Gara deňiz floty barasynda Moskwa bilen Kiýewiň gelen ylalaşygynyň Ukrainanyň konstitusiýasyna ters gelýändigini öňe sürýär.

Kanun boýunça 2017-nji ýyldan soň Ukrainanyň territoriýasynda daşary ýurt harby bazasy bolmaly däl.

Oppozisiýa liderlerinden biri Ýuliýa Timoşenko bu baradaky gol çekilen soňky ylalaşygy ýurduň garşysyna edilen dönüklik diýip atlandyrdy we munuň üçin prezident Ýanukowiçe garşy impiçmentiň ulanylmagynyň mümkindigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG