Saparyň esasy maksady oba adamlarynyň ýaşaýşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere ünsi çekmekden ybarat boldy diýlip resmi habarlarda beýan edilýär.
Bu saparlarda Berdimuhamedow Ahal welaýatynda «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryjy müdirliginiň işgärleri bilen duşuşyp, olaryň hallaryndan habar aldy hem-de olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Mundan başga-da prezident Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda öri meýdanlaryna aýlanyp, ol ýeriniň çopany bilen duşuşdy.
Ahal welaýatyna amala aşyran saparyndan iki gün geçenden soňra, ýagny 21-nji aprelde Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň etraplaryna sapar etdi. Bu welaýata bolan saparynda ýurduň prezidenti pagta ekişiniň gidişi bilen baglylykda ýerli kärendeçi bilen söhbetdeşlik geçirip, onuň bilen hal-ahwal soraşdy.
Mundan başga-da Berdimuhamedow Sakar etrabynyň Çarbagdepe obasynda ýerleşýän Lebap welaýat ylmy-önümçilik synag merkeziniň nahalhanasyna baryp, bu ýeriniň bagbany bilen söhbetdeş boldy.
Resmi maglumatlardaky beýanata görä, prezidentiň bu sapary garaşylmadyk ýagdaýda amala aşyrylandygy mälim edilýär. Emma telewideniýede görkezilen sýužetlerden çen tutsaň, bu saparyň senariýasynyň mazaly öňünden bişirilip, soňra ýerine ýetirilendigini duýmak bolýar.
Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, prezidentiň welaýatlara eden bu saparlarynyň aňyrsynda ýurt ýolbaşçysynyň halkyň arasyndaky abraýyny galdyrmak maksady ýatyr.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.