Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde bu fatwany, ýagny, dini beýanaty ýaýratmagyňyzyň sebäbi näme bilen baglanyşykly?
Professor Qadri: Soňky birnäçe ýylyň dowamynda terrorçylykly hereketler halys möwjedi, dartgynlylyk-da ýokary derejä baryp ýetdi. Terrorçylar öz ideologiýasy bilen ylalaşmaýanlary öldürip başladylar. Hatda olar adamlary mazaryndan çykaryp, jesetlerini agaçdan asyp başladylar. Janyndan geçen bombaçylar tarapyndan amala aşyrylýan jenaýatlar gaty güýçlendi. Her gün diýen ýaly şeýle wakalara şaýat bolýarys.
Gynansak-da, bu wakalary tankyt edäýjek we berk ýazgaraýjak alymlar dymdylar. Şonuň üçin men bu fatwany şu günki gün ýaýratmak kararyna geldim. Bu terrorçylyk we dartgynlylyk gündogardan günbatara çenli tutuş dünýä öz täsirini ýetirip, ol hem öz gezeginde yslamyň abraýyny gaçyrýar.
Musulmanlaryň täze nesliniň beýnisi ýuwlup, olaryň yslamyň ideologiýasy boýunça kellesi bulaşyp başlady. Bu ýagdaý hem Günbatar bilen Gündogaryň, ýagny, musulman älemi bilen beýleki dine eýerýänleriň aragatnaşygyna ýaramaz täsirini ýetirýär.
Bu geljekki neslimiz üçin hemem dünýäniň parahatçylygy nukdaýnazaryndan gowulygyň alamaty däl. Şonuň üçin, men bu fatwany ýaýratmak kararyna geldim. Bu köptaraplaýyn we anyklaýjy dokument bolup, ol häzirki ýagdaýa takyklyk getirýär we terrora garşy yslamyň pozisiýasyna düşündiriş berýär.
Azatlyk Radiosy: Siziň ýaýradan bu fatwaňyz barada eýýäm käbir gowy seslenmeler peýda bolup başlady. Meselem, Owganystanyň ýolbaşçylary bu dokumentiň ýerli dillerde çap edilmegine rugsat sorap, size ýüz tutupdyrlar. Bu fatwadan siz nämä garaşýarsyňyz?
Professor Qadri: Bu dokumentiň ýaýradylmagyna gowy seslenmeler bar. Iki tarapdan-da, ýagny, yslam älemi hemem Günbatar tarapyndan, garaşylmadyk derejede seslenmeler peýda boldy. Bu fatwa gaty gowy garşy alyndy, hususanam, media bu dokument bilen gaty gyzyklandy. Ol dünýäniň her künjüne ýaýrady. Häzirki wagt bu barada ýarym million töweregi web sahypada gürrüň edilýär.
Meniň pikirimçe, bu öňden görlüp-eşidilmedik ýagdaýdyr. Bilýäňizmi, ýarym million töweregi adam bu fatwanyň garşysyna ýa-da ony goldap çykyş edýär. Bu dokument barada gürrüň edýän ekstremist toparlaram bar. Emma olardan hiç biri bu fatwany ýalana çykarmagy, muňa garşy haýsydyr bir delil bilen çykyş etmegi başarmady.
Azatlyk Radiosy: Talyplar we Al-Kaýda ýaly toparlar hem fatwa ýaýradyp, ilaty basybalyjylara garşy göreşmäge çagyrýarlar. Siziň pikiriňiziň dogrudygyny we beýlekileriňkiniň nädogrudygyny aýtmaga sizde nähili esas bar?
Professor Qadri: Men bu mesele barada öz pikirimi beýan edenimde, ozaly bilen üç sany esasy prinsipi göz öňünde tutýaryn. Meniň pikirimçe, ähli musulmanlar hem şol prinsipler barada pikirlenmeli.
Birinjisi, kimdiri-biriniň, hususy guramanyň ýa birnäçe adamdan ybarat toparyň jihad yglan etmäge ygtyýarynyň ýokdugydyr. Bu barada yslamda doly ylalaşyk bar. Ýene bir gezek gaýtalaýaryn: haýsydyr bir adamyň ýa toparyň jihad yglan etmäge ygtyýary ýok, sebäbi şeýle ýagdaý dünýäde bulagaýçylygyň we bikanunçylygyň döremegine sebäp bolar.
Gurhanda we pyýgamberiň hadysynda ýa-da yslam boýunça tanymal alymlaryň ýaýradan we ýazan dokumentleriniň hiç birinde haýsydyr bir partiýanyň ýa-da guramanyň jihad yglan edip, eline ýarag alyp, hökümete garşy göreşmäge we hökümetiň kanunlaryny äsgermezlik etmäge ygtyýarynyň bardygy aýdylmaýar. Hiç kimiň eline ýarag alyp, garnyna bomba daňyp, ony partladyp, musulman bolmadyk adamlary, parahat ýaşaýjylary, öldürmäge ygtyýary ýok. Harby bolmadyk adamlara garşy asla jihad edilmeli däl.
Azatlyk Radiosy: Siz parahat ilatyň öldürilmegine yslam dininde rugsat berilmeýändigini aýdýarsyňyz. Onda, yslam dininiň ynanjyna görä, janyndan geçen bombaçylar dowzaha gidermi?
Professor Qadri: Hawa, elbetde. Sebäbi, birinjiden, adam öldürmekligiň özi ullakan günä we jenaýat. Adamlary öldürmekligiň kanunydygyny aýdyp, olaryň öldürilmegine rugsat berilýänligini we bu ideologiýa esasynda edilýän hereketleriň hem jihaddigini aýdýanlaryň özi yslam dininden çykýar.
Şunlukda, janyndan geçen bombaçylar iki hili jenaýat edýärler. Birinjiden, adam öldürmeklik, ikinjiden, adam öldürmekligi kanuny hereket diýip ündemeklik. Munuň hem üstesine, ol hatda öz janyna kast edibem üçünji bir jenaýaty amala aşyran bolýar. Sebäbi öz janyňa kast etmeklik yslamda gadagandyr. Şeýle işi amala aşyran adamyň adamyň özi dowzaha gidýär.
Azatlyk Radiosy: Adamlary janyna kast etmäge höweslendirýän adamlar hakda siz näme pikirde, olaram dowzaha düşermi?
Professor Qadri: Olaram şeýle azap we jeza bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Olaryň hem şol jenaýatyň amala aşyrylmagynda roly bar, onuň üçin beýle hereket hem adamyň janyna kast etmeklik bilen deň hasaplanýar.
Netijede, şeýle adamlar hem özleriniň dowzaha düşmegine sebäp bolýarlar, hatda olar goşa günä eden adamlar bolýarlar. Sebäbi janyndan geçen bombaçylaryň dowzaha gidişi ýaly, olaram dowzah oduna ýanmaly, ikinjiden, olar kimdir-birini şeýle işe baş goşmaga höweslendirenligi üçin hem dowzah oduna ýanmaly adamlardyr.
Azatlyk Radiosy: Siz Al-Kaýda gurama hökmünde hemem onuň edýän işlerine nähili baha berýärsiňiz?
Professor Qadri: Bu soragy soramak nämä gerek? Sebäbi munuň jogabyny tutuş dünýä bilýär. Olaryň edýän işleriniň jihad däldigini ýene bir gezek aýtmaga maňa rugsat ediň. Olaryň edýän işleri gowulyk däl, olaryň alyp barýan işleri wagşylyk, dartgynlylyk, gozgalaňçylyk, bidüzgünçilik we bulagaýçylyk döretmekden ybaratdyr.
Olaryň edýän işleri terrorçylykdyr. Şeýle herekete baş goşan adamlar dowzaha giderler. Bu yslama hyzmat etmek däldir. Bu yslamyň nukdaýnazaryndan ullakan ýitgi hemem oňa zeper ýetirmekdir.
Azatlyk Radiosy: 29-njy martda Moskwanyň metrolarynda bolan bomba partlamalarynyň jogapkärçiligini çeçenistanly söweşjeň toparyň liderlerinden biri Doku Umarow öz üstüne aldy. Ol bu hüjümiň Orsýetiň harbylarynyň Çeçenistanda parahat ilaty öldürmegine garşy jogap hökmünde amala aşyrylan hereketdigini aýtdy. Siz bu garaýşa nähili baha bermekçi?
Professor Qadri: Musulman bolmadyk adamlardan, hatda harbylardan we basybalyjylardan ar almak üçinem metroda, otluda we uçarda barýan parahat ilaty öldürmeklige yslam dininde rugsat berilmeýär. Mysal hökmünde aýtsak, eger sen biriniň ene-atasyny öldürseň, onda ar almak üçin şol adama seniň öýüňe girip, seniň ene-ataňy öldürmäge rugsat edilmelimi?
Yslam muňa rugsat berenok. Ene-atasy öldürilen adam suda ýüz tutmaly we suduň çykarjak kararyna boýun bolmaly, jenaýatça sud jeza bermeli, yslam dininde munuň usuly şeýledir.
Haysydyr bir topar bir ýurdy basyp alsa, onda seniň uruş meýdanynda basyp alyjylara garşy göreşmäge hukugyň bar. Armiýanyň hem özüni goramak üçin çäre görmäge hukugy bar. Emma kimdir-biriniň garnyna bomba daňyp, parahat ilaty öldürmäge we terrorçylykly herekete baş goşmaga asla hukugy ýok.
Azatlyk Radiosy: «Özbegistanyň yslam hereketi» atly topar yslam halyfatlygyny döretmek barada tagalla edýär. Siz şu ideýa nähili baha berýärsiňiz?
Professor Qadri: Şol oglanlar yslam halyfatlygynyň we halyfatyň nämedigini hem bilenoklar. Halyfatlyk musulmanlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýurdunda yslam hökümetini döretmekligi aňladýar.
Yslam hökümetini gurmaklyga öňki döwürlerde arap dilinde halyfalyk we onuň ýolbaşçysyna-da halyfa diýlipdir.
Ol, goý, parlament hökümeti bolsun ýa prezidentlik düzgüni ýa federal düzgüni ýa-da konfederasiýa düzgüni, tapawudy ýok, aýtjak bolýan zadym, häzirkileri ýaly resmi ýol bilen hökümet gurmak ýa hökümeti saýlamaklyk hem halyfalykdyr.
Öňki döwürlerde şeýle düzgünlere, hökümetlere – halyfalyk, şol hökümetlere ýolbaşçylyk edýänlere-de halyfa diýler ekeni. Halyfalyk düzgünini gurjak diýip alada edip ýören şol oglanlar, belki-de, onuň manysyny bilýän däldirler. Olar Gurhany we yslam dinini gowy öwrenmedik ýaşlardyr. Olara diňe hadyslardan bir bölejik öwredilip, onuň manysy düşündirilmändir. Olar ýalňyş maglumatlar berlen oglanlardyr.
Men ogul-gyzlarymyza ýüzlenip, olara ägä boluň diýesim gelýär. Käbir adamlar olary ýalňyş ýola salmaga synanyşýarlar, ýaşlaryň duýgularyndan olar öz bähbitleri üçin peýdalanýarlar.
Eger siz musulman bolmadyk ýurtlarda ýaşaýan bolsaňyz, size dini ybadatlaryňyzy berjaý etmäge, namaz okamaga, haja gitmäge, gurbanlyk üçin mal ödürmäge, oraza tutmaga rugsat edilenokmy? Eger size şeýle hukuklardan peýdalanmaga rugsat edilýän bolsa, onda siziň hökümete garşy göreşmäge hiç hili sebäbiňiz ýok. Siz kanunyň agalygyna hormat goýýan adamlar bolmaly. Meniň ündeýän yslam dinim şundan ybarat.