Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa lideri Eýran krizisde diýýär


Düýn Eýranyň oppozisiýa lideri Mir Husseýin Musawi öz web saýty «Kelemede» Eýranyň krizise düşendigini we Yslam respublikasynyň diňe ýurt ýolbaşçylarynyň öz ýörelgelerini üýtgetmegi netijesinde halas bolup biljegini aýtdy.

Ol eýran häkimiýetleriniň yslamy oppozisiýany basyp ýatyrmak üçin ulanýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

«Yslam hiç kimi urmaz, hiç kimi tussag etmez we türmede saklamaz» diýip, Musawi nygtaýar.

Eýranda geçen ýylyň iýunynda bolan dawaly saýlawlardan soň protest bildiren adamlaryň ýüzlerçesi türmede otyr.
XS
SM
MD
LG