Şu gün Azerbaýjanyň paýtagtynda açylan Bütindünýä dini forumyna gatnaşmak üçin ähli ermenileriň katalikos-patriarhy Garegin 2-nji Bakuwa bardy.
Bu ermeni apostol ybadathanasynyň baştutanynyň Azerbaýjana eedýän ilkinji saparydyr.
Sammite gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, Garegin 2-nji Azerbaýjan musulmanlarynyň baştutany Allaşükür Paşazadäni Ermenistana çagyrdy.
Ol şeýle-de regionda serhetleriň açyljak güni barada, şonda Bakuwa erkin gelip boljakdygy, bu ýerdäki ermeni kelisesinde ybadat edip boljdakdygy barasynda arzuw edýändigini aýtdy.
Şu gün Garegin 2-nji, Allaşukür Paşazäda we Orsýetiň patriarhy Kirill Daglyk-Garabagdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak meselesini maslahatlaşdylar.