Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dünýä saglyk guramasynyň başlygy Demirgazyk Koreýada


«Dünýä saglygy saklaýyş guramasynyň baştutany Margaret Çan Demirgazyk Koreýa bardy» diýip, şu gün öz çeşmelerine salgylanmak bilen, Hytaýyň «Sinhua» habar agentligi habar berdi.

Dünýä saglygy saklaýyş guramasynyň Phenýandaky wekilhanasy häzirlikçe bu barada hiç hili resmi maglumat ýaýratmady.

Demirgazyk Koreýada azyk ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygy barasynda soňky wagtlar maglumatlar gelip gowuşýar. Seuldaky gumanitar guramalaryň biriniň maglumatyna görä, geçen gyş iki müň töweregi demirgazyk koreýaly açlykdan ölüpdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG