Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda talyplaryň bir meýdan komandiri öldürildi


Düýn NATO güýçleri Owganystanyň Gunduz welaýatynda talyplaryň esasy komandirlerinden biri Molla Ýar Muhammediň we onuň azyndan iki kömekçisiniň howadan urlan zarba bilen öldürilendigini habar berdiler.

Welaýat gubernatory Mohammed Omar talyp komandiriniň Gunduzdan 30 kilometr uzaklykdaky Arçi etrabynda öldürilendigini aýtdy.

Şeýle hem, düýn Owganystanyň Kandahar şäherinde bolan iki partlamada asuda ilatdan iki adamyň ölendigi habar berildi. Polisiýanyň ýerli resmisi bu partlamalaryň maşyna hem motosikle berkidilen bombalar arkaly amala aşyrylandygyny aýtdy.

Remout kontrol arkaly bir minudyň içinde diýen ýaly deň partladylan bombalar polisiýanyň ulag kerwenini nyşana almak üçin gurnalan diýlip çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG