Şu gün Belgiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy jemgyýetçilik ýerlerinde aýal-gyzlaryň ýüzini ýapýan nikaby ulanmaklaryny gadagan edýän kanuny kabul etdi.
Bu kanun esasan musulman aýallaryna degişli bolup durýar. Kanunyň kabul edilmegini bu yurtdaky käbir musulmanlar ýazgaryp çykyş etdiler.
Indi bu kanun Belgiýanyň senatynda tassyklanylmaly. Kanun senatda hem makullanan halatynda, Belgiýa Ýewropa ýurlarynyň arasynda resmi ýagdaýda jemgyýetçilik ýerlerinde nikaby gadagan eden ilkinji ýurt bolar.
Häzir şuňa meňzeş kanuna Fransiýada hem garalýar.