Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda zamun alnan 50 adam halas edildi


Pakistanyň demirgazyk-günbatar regionynda düýn ýaragly söweşijiler tarapyndan zamun alnan 60 töweregi adamdan 50-si zamunlykdan halas edildi.

Düýn Pakistanyň Kurram regionynda ýaragly söweşijiler 60 töweregi ýerli ýaşaýjyny zamun aldylar.

Bu wakanyň yzy bilen, şu gün ýerli resmiler harby güýçleriň geçiren operasiýasynda zamunlykdaky adamlardan 40-a golaýynyň halas edilendigini, ýene 10 adamyň bolsa özleriniň zamunlykdan gaçyp-gutulandyklaryny habar berdiler.

Maglumata görä, zamunlykda galan 10 adam bu regiondaky elektrik kompaniýasynyň işgärleri hasaplanylýar.

Käbir taýpa ýolbaşçylary bu zamun alyşlyga ýerli şaýylar bilen sünnüleriň arasynda alnyp barylýan gepleşiklere zyýan ýetirmek üçin amala aşyrylan çäre hökmünde baha berýärler.
XS
SM
MD
LG