Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama nebit heläkçiligini derňemek üçin komissiýa döretmekçi


Birleşen Ştatlaryň adminstrasiýasyndan bir resmi prezident Barak Obamanyň Mehsika aýlagyndaky nebit heläkçiligini derňemek we nebit senagaty işini we hökümetiň bu senagata gözegçilik etmekdäki roluny öwrenmek üçin prezident komissiýasyny döretmekçidigini aýtdy.

Britiş Petrolium (BP) bolsa indiden eýläk hiç wagt deňiz astyndaky ýataklardan nebit almaga synanyşmajagyny aýtdy.

20-nji aprelde deňiz astyndaky burawda bolan partlamadan soň Mehsika aýlagyndaky nebit heläkçiligi döräpdi.

BP-niň resmisi duşenbe güni kompaniýanyň ahyry nebit ýatagyny sement bilen petikläp, nebit akmasyny duruzmaga umyt edýändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG