Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz hökümeti yslam çadyrasyny gadagan edýär


Fransuz hökümeti jemgyýetçilik ýerlerinde yslam çadyrasyny geýmegi gadagan etmek boýunça kanun taslamasyny tassyk etdi.

Eger bu taslama kanun bolsa, jemgyýetçilik ýerinde burka ýa nikap atlandyrylýan yslam çadyrasyny geýenlere 150 ýewro çenli jerime salnar ýa-da ol aýallar raýatlyk sapaklaryny almaga borçly ediler. Düzgüni bozanlara bu temmileriň ikisiniň hem berilmegi mümkin.

Mundanam başga, aýallary jynsy aýratynlyk üçin ýüzüni örtýän çadyra geýmäge mejbur edenler azyndan bir ýyl türmä basylar we 15 müň ýewro jerime tölemeli bolar.
XS
SM
MD
LG