Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul Maldaýws duşuşygyna gatnaşygyny ret edýär


Owgan hökümeti Hindi okeanyndaky Maldaýwsda Talyban bilen geçiriljek gepleşiklere özüniň gatnaşmaýandygyny aýdýar.

Owgan prezidentiniň sözçüsi Wahid Omar Frans Pres agentligine Kabulyň bu gepleşiklerden habarlydygyny, ýöne oňa gatnaşmaýandygyny, sebäbi ony tassyklamaýandygyny we goldamaýandygyny aýtdy.

Ol owgan hökümetiniň Talyban jeňçileri bilen ýaraşyk we integrasiýa meselesinde öz planynyň bardygyny aýtdy.

Maldaýws prezidentiniň sözçüsi owgan hökümetiniň wekilleri bilen Talyban wekilleriniň Hindi okeanyndaky kurortda şu gün ikinji duşuşygy geçirjegini aýtdy.

Maldaýws şeýle duşuşygy ýanwarda, dünýä döwletleriniň Owganystan barada Londanda geçiren maslahatyndan öň hem geçiripdi.
XS
SM
MD
LG