Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karimowanyň fond toplamak çäresine gatnaşmagy ýazgarylýar


Media haklaryny goraýan Serhetsiz reportýorlar topary özbek prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowanyň Kans kino festiwalynda ýyllyk AIDS ýardam fondy üçin geçirilýän konserte gatnaşdyrylmagyny ýazgaryp çykyş etdi.

Bu protest Özbegistanyň AIDS keseli babatdaky pozisiýasy bilen bagly.

Serhetsiz reportýorlar guramasynyň açyk hatynda ady meşhur kino ýyldyzy Liz Teýlor tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Amerikan AIDS ylmy-barlag fondunyň golaýda AIDS aktiwisti Maksim Popowy azat etmäge çagyrandygy aýdylýar.

Popow özbegistanda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, sebäbi onuň ýazan broşýurasy, özbek häkimiýetleriniň pikirine görä, ýerli däplere gabat gelmeýärmiş.

Ol broşýurada AIDS-iň öňüni alyş çäreleri barada maglumat berlipdir.
XS
SM
MD
LG