Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri žurnalisti ýurda goýbermediler


19-njy maýda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Pragadaky žurnalisti Allamyrat Rahymyň Türkmenistana girmegine rugsat bermedi.


Allamyrat Rahym Türkmenistana resmi çakylygyň esasynda berlen wiza bilen barypdy. Hususan-da, ol Türkmenistana öz maşgala agzalary tarapyndan çagyrylypdy. Asly türkmenistanly, häzirki wagt Kanadanyň raýaty bolan Allamyrat Rahym Marydaky dogduk obasyna dynç alşa gidipdi.

11 ýyllap Türkmenistanda bolmadyk we dogan-garyndaşlaryny görmedik Allamyrat Rahym 19-njy maý güni irden Aşgabadyň Halkara uçarlar meýdanyna bardy.

Emma, Aşgabadyň Halkara uçarlar meýdanynda A.Rahymyň Türkmenistana girmegine rugsat berilmedi we ol derrew Praga yzyna ugradyldy. Onuň Türkmenistana goýberilmezliginiň sebäpleri anyk däl.

Migrasiýa gullugynyň Allamyrat Rahyma beren hatynda onuň "Türkmenistana girmeginiň gadagandygy" aýdylýar. Ýöne, Allamyrat Rahymyň özi Türkmenistana goýberilmezliginiň sebäbini özüniň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda işleýändigi bilen baglanyşdyrýar.

Allamyrat Rahym Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynda 2003-nji ýyldan bäri işläp gelýär.
XS
SM
MD
LG